CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 22.05.2026 - 28.05.2026
09:29 23.05.2026 395
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çagindäki “A”, “B” we Gündogar “B” bloklarynyň önümçilik bölümleri üçin korroziýa (poslama) ingibitorlaryny satyn almak boýunça № CIT-26019-MR belgili bäsleşik yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
1.Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitlerini görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin resmi arza;
2.Tender resminamalaryny almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar;
3.Tender reminamalarynyň doly bukjasyny almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasy, tender resminamalaryny almaga hukuk berýän esasy ynanç hatynyň nusgasy we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminama görkezilmelidir.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.
Telefon belgisi: (+993-12) 44-54-34