DESGANYŇ 20 ÝYLLYGY DABARALY BELLENILDI

DESGANYŇ 20 ÝYLLYGY DABARALY BELLENILDI

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň toý dabaralaryna beslenýän günlerinde TNGIZT-niň 7-nji sehiniň agzybir zähmetkeşleri CCR görnüşli katalizatory üznüksiz dikeldiji katalitik riforming desgasynyň 20 ýyllyk toýuny aýdym-sazly dabara bilen belläp geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmekde uly işleri ýerine ýetirip, dünýä standartlaryna gabat gelýän nebit önümlerini öndürmekde dünýäniň atly-abraýly kompaniýalary bilen bäsleşip gelýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) CCR görnüşli katalizatory üznüksiz dikeldiji katalitik riforming desgasy ABŞ-nyň «UOP» kompanýasynyň taslamasy boýunça Ýaponiýanyň «Chioda Corporation» firmasy tarapyndan gurlup, işe girizildi. Bu desganyň ýerine ýetirýän wezipesi TNGIZT-niň nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalarynda öndürilýän pes oktanly benzinleri alyp, oktan sany 95-100-e çenli bolan awtomobil benzininiň ýokary oktanly komponentini öndürýär. CCR görnüşli katalizatory üznüksiz dikeldiji katalitik riforming desgasy nebiti gaýtadan işleýjileriň tutanýerli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzdaky dürli kysymly awtomobilleri bökdençsiz we elýeterli bahadan ýokary hilli awtomobil benzini bilen üpjün edýär. Ýurdumyza ýeterlik mukdardan artykmaç öndürilen ýokary hilli awtomobil benzininiň müňlerçe tonnasy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de berkemegi üçin isleg bildiren beýleki döwletlere Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda (TDHÇMB) söwdalar arkaly ugradylýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993