Hormatly
Prezidentimiziň geçen hepdäniň penşenbe güni geçiren Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyrygy boýunça Mary welaýatynyň dolandyryş
merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw
mekdebiniň täze okuw binasynyň açylyş dabarasy boldy.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bolan dabara welaýatyň gaz pudagyna degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň hem-de welaýatdaky ýokary, ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlary, hormatly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar.