«Mawy ýangyjyň» höziri
«Türkmengazüpjünçilik»
birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher, etrap gaz hojalyk
edaralarynyň işgärleri tarapyndan meýilleşdirilen işler üstünlikli berjaý
edilýär. Bu babatda müdirligiň «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri
netijeli işleri alyp barýarlar.
Mary
şäheriniň ilatyny hem-de onuň çägindäki edara-kärhanalary «mawy ýangyç» bilen
üpjün etmekde dürli göwrümli we dürli basyşdaky gaz geçirijiler ulanylýar. Olar
ýerasty we ýerüsti gaz geçirijilerdir. Şäheriň çäginde 16 sany gaz paýlaýjy,
295 sany gaz sazlaýjy enjamlar, ýerasty gaz geçiri