«Türkmennebit» DK-nyň kärhanalary önümçiligiň durnukly ösüşini üpjün edýärler

10:36 03.09.2020 8311

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/593/original-15f4e327587e2a.jpeg

2020-nji ýylyň ýedi aýynyň esasy görkezijileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň durnukly önümçilik ösüşini aýdyň görkezýär. Netijede, konsern boýunça nebitiň çykarylyşy 2 mln 290 müň tonna, tebigy gaz – 1 mlrd 157 mln kub metre deň boldy. Şol bir wagtda bellenilen döwürde bu uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 106,7% we 148,6% boldy.

Öňde goýlan maksatlara ýetmekde uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde düýpli üstünlikleri gazanýan «Nebitdag» buraw işlerine müdirligine möhüm orun degişlidir. Şeýlelikde, geçen döwürde ýerasty buraw işleri 125,2 müň metrlik ýerine ýetirildi. Ýedi aýyň netijeleri boýunça geçilen çuňluk 34 müň 679 metre barabar boldy, şol bir wagtda goşmaça geçilen çuňluk 3 müň 375 metre deň boldy.

Kärhananyň ygtyýarynda täze rus we hytaý önümçiliginiň tehnikalary, ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler we işçiler bar. häzriki zaman buraw desgalary ýokary geçijiligi we kuwwatlylygy bilen tapawutlanýarlar, özboluşly häsiýetnamalar eýe bolup, çylşyrymly howa şertlerinde işlemäge ukyplydyrlar. Mysal üçin, olar 7000 metr çuňluga çenli guýyny burawlap bilýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, miosen galyndylaryndan nebiti çykarmaga we özleşdirmäge ýardam edýär.

Tehniki serişdelerden peýdalanmak arkaly «Türkmennebit» DK-nyň Körpeje buraw işleri müdirligi ýedi aýyň içinde 10 sany guýuda buraw işlerini geçirdi, şolardan 8-si ulanyş guýulary. Ýer işlerinde geçilen çuňluk bellenilen 30 müň 761 metre derek 31 müň 756 metre deň boldy.

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitdag», «Goturdepe», Körpeje, «Ekerem» we beýleki önümçilik düzümleri kuwwatlylygy 12,5 tonna barabar bolan ýörite köpri kranlaryny netijeli peýdalanýarlar, bu bolsa turbalaryň ýokary hilli daşalmagyny we işlenilmegini üpjün edýär.

Başga makalalar
164be50ac614a4.jpg
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.


1621c66a726a68.jpeg
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler

29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


1621c7b16d9eb6.png
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


168416d933831d.jpg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


166cc1f591ebd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.