Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Owganystanyň MB-niň başlygy iri taslamalary durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmegi maslahatlaşdy

16:44 04.09.2020 7603

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/607/original-15f50b581f4119.jpeg

Çarşenbe güni, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan owgan halky üçin zerur bolan durmuş-ykdysady, infrastruktura we beýleki derwaýys şertleriň döredilmegi ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýär. Ählumumy durnuklylyga hem-de raýdaşlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen bir hatarda, türkmen döwleti goňşy ýurduň durnukly ösüş ýoluna hemmetaraplaýyn integrirlenmegi ugrunda Owganystanyň gatnaşmagynda giň gerimli geljegi uly taslamalary ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirýär.

Bu ugurda TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň durmuşa ornaşdyrylyp başlanan taslamalaryny aýratyn nygtamak zerurdyr, çünki taraplar bu ulgamda üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýedirler.

Söhbetdeşler şeýle hem «Тürkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň işjeňleşdirilmegi dogrusynda hem pikir alyşdylar. Aýdylanlary nazarda tutup, golaýda TOPH gaz magistralynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek arkaly taraplaryň bu ugurda ähmiýetli öňegidişlikleri gazanandyklaryny nygtamak zerurdyr. Bu bolsa öz nobatynda Owganystanyň çägindäki işleriň ilerledilmegine güýçli itergi berer.

Başga makalalar
164be50ac614a4.jpg
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.


1621c66a726a68.jpeg
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler

29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


1621c7b16d9eb6.png
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


168416d933831d.jpg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


166cc1f591ebd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.