Türkmenistanyň we Italiýanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny maslahatlaşdylar

10:29 06.09.2020 9719

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/608/original-15f51e45a49701.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Türkmen Lideri 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar köpugurly türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berdi.

2019-njy ýylda Italiýa Türkmenistanyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy.

Ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekilmeginiň geçen ýylyň noýabr aýynda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň netijesi bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişli Iş toparyny döretmegi, şeýle hem her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň ykdysadyýetiniň gününi geçirmegi we Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi.

Ikitaraplýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda nebitgaz senagaty, kommunikasiýa ulgamy, gaýtadan işleýän pudak agzaldy.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda «ENI» kompaniýasy işleýär. Bu kompaniýa ýurdumyzda alyp barýan işini giňeltmäge çalyşýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, italiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler.

Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu babatda, ilkinji nobatda, gürrüň esasy çig mal hökmünde tebigy gaz ulanylýan önümleri öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygy barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan ugurlarda işleýän italýan işewürliginiň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen ýakyn wagtda onlaýn duşuşygyny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda bu ulgamda “Thales Alenia Space” kompaniýasy bilen bilelikde işlemegiň mümkinçiligine garalýar. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin emeli hemra arkaly anyk maglumatlary almaga gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň isleglerini öwrenmegi üçin Pudagara topar döredildi. Döwlet düzümleriniň teklipleri öwrenilenden soň, bu kompaniýa bilen gepleşiklerde geljekki ädimler barada habar berler.

Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar bar.

Döwlet Baştutany italýan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Italiýanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ol degişli şertler emele gelen wagtynda ýurdumyza gelip görmäge tüýs ýürekden şatdyr.

Prezident Serjio Mattarella türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň derejesine we many-mazmunyna ýokary baha berip, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, medeni çäreleri guramak, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça türkmen Lideriniň öňe süren ähli tekliplerini doly goldaýandygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ähli teklipler düýpli öwreniler hem-de durmuşa geçirmek üçin Italiýanyň Hökümetine berler.

Başga makalalar
164be50ac614a4.jpg
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.


1621c66a726a68.jpeg
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler

29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


1621c7b16d9eb6.png
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


168416d933831d.jpg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


166cc1f591ebd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.