Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy
16:31 09.09.2020 7787
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 102,2 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101,2 göterim, «mawy ýangyjyň» eksportynyň meýilnamasy 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,1 göterim, benzinleriň öndürilişiniň meýilnamasy 105,6 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň meýilnamasy 106,3 göterim, kerosiniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüşi 121,8 göterime deň boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek, önümçilik-ykdysady görkezijileriň durnukly artmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz pudagyň kuwwatyny berkidýän, şol sanda täze nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, anyklamak we senagat taýdan özleşdirmek, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri öndürmek babatda taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda türkmen energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky meselä aýratyn üns berilmelidir.
Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çaltlandyrylmalydygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny düýpli seljerip, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler
29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.