Şu ýylyň sekiz aýynyň jemine garaldy

08:26 09.09.2020 9646

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/617/original-15f57a1e8b0d00.jpeg

2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen hasabat ýygnagynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işler seljerildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde durýan maksatlara ýetmegiň ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji sentýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde toplumyň öňünde goýan belent wezipeleriniň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Soňra wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler hem-de uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we täze ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna nebitgaz pudagyny ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän innowasion önümçilikleri döretmegiň we onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, nebitdir gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmagyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini we eksportyny artdyrmagyň, toplumyň edara-kärhanalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ýollary hakynda durup geçdiler.

Wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň strategik taýdan möhüm taslamasynyň gurluşygyny işjeň alyp barmak, şu ýylyň geçen sekiz aýynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda, hususan-da, Gyýanly polimer zawodynda, Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda, «Galkynyş», Döwletabat gaz känlerinde, Uzynada, Altyguýy, Goturdepe ýataklarynda alnyp barylýan işler, daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikdäki işler, tebigy gazy çykarmakda, nebiti we nebit önümlerini öndürmekde, düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmekde gazanylan anyk ykdysady-önümçilik görkezijileri seljerildi we bu ugurlarda işleri has-da ilerletmek babatda wezipeler kesgitlenildi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýolbaşçylary geçen ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan ylmy-barlag işler hakynda hasabat berdiler.

Wideomaslahat görnüşindäki hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň uly baýramçylyklaryny — Garaşsyzlyk gününi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemek maksadynda her bir ýolbaşçynyň has-da tijenip işlemeginiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, hormatly Prezidentimiziň mejlisde toplumyň öňünde goýan wezipelerine amal etmekde önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini, «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» we «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Munuň özi gazçylaryň, nebitçileriň we geologlaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe hem-de hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna mynasyp toý sowgady bolar.

Başga makalalar
164be50ac614a4.jpg
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.


1621c66a726a68.jpeg
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler

29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


1621c7b16d9eb6.png
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


168416d933831d.jpg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.


166cc1f591ebd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.