Serdar Berdimuhamedow: geçen alty aýda ýurduň ykdysadyýetinde oňyn netijeler gazanyldy
15:08 17.07.2023 5470
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda edilen işleriň netijelerine oňyn baha berdi we ýylyň ahyryna çenli ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.
Geçen anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutany geçen ýarym ýylda ýurduň ykdysadyýetinde oňyn görkezijiler gazanyldy, täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de energetika we suw howpsuzlygy, ekologik meseleler babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny nygtady. Şunda ulag, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şol bir wagtyň özünde, geçen ýarym ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi.
Döwlet Baştutany geçen ýarym ýylda «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän Arkadag şäheriniň açylandygyny, şeýlelikde, täze şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy ilat üçin oňaýly, howpsuz durmuşy üpjün eder.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belläp, Serdar Berdimuhamedow senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň meýilnama esasynda alnyp barylýandygyny nygtady. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ýygnaldy. Bu bolsa azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatynyň kesgitlenen meýilnamalara laýyklykda dowam edýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň, şeýle hem beýleki sebit taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň netijeli amala aşyrylýandygy nygtaldy.
Häzirki wagtda ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmak, pudaklara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmak dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli çäreleriň meýilleşdirilendigini belläp, Prezident döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlarynyň, hemişe bolşy ýaly, örän ýokary derejede geçirilmelidigine, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.