Malaý: işleriň tamamlaýjy tapgyry

Malaý: işleriň tamamlaýjy tapgyry

Tebigy baýlygyň uly gorlaryna eýe bolan Malaý gaz ýatagynda gurulýan gaz gysyjy beketde enjamlaryň goýberiş-sazlaýyş işlerine girişildi. Daşary ýurtly hünärmenler kuwwatly desgada çylşyrymly enjamlary işe goýbermek we sazlamak bilen baglanyşykly işleriň uly toplumyny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Şeýle tagallalar şanly baýramyň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam berjek täze bekedi ýokary hil derejesinde üstünlikli işe girizmäge mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, bu möhüm taslama hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çeken Kararyna laýyklykda buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ähmiýetlidir.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993