OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
18:51 11.08.2023 10617
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Şol bir wagtda 2023-nji ýylyň I çärýeginde nebite bolan isleg çaklamasy 50 müň b/g, III we IV çärýeklerde 10 müň b/g ýokarlandyryldy, II çärýekde çaklama 40 müň b/g azaldyldy.
«Garaşylyşy ýaly, YHÖG (Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy) sebitinde 2023-nji ýylda nebite bolan isleg ortaça günde 74 müň barrel artyp, 46 mln b/g deň bolar. Şol bir wagtda Amerikadaky YHÖG ýurtlarynda isleg iň düýpli bolar, şol sanda ABŞ-da. Muňa awiakerosina we benzine bolan islegiň artmagy sebäp bolar.
Çaklanylyşy ýaly, «ýeňil distilýatlar hem şu ýylda islegiň artmagyna täsir eder» diýlip, analitikler hasaplaýar. YHÖG girmeýän ýurtlarda nebite bolan isleg, çaklanylyşy ýaly, günde 2,4 mln barrele çenli artyp — 2023-nji ýylda 56 mln b/g ýeter.
«Çaklanylyşy ýaly, 2024-nji ýylda Hytaýda dowam edýän kadalaşmanyň netijesinde durnukly ykdysady ösüş nebitiň sarp edilişini artdyrar» diýip OPEK hasaplaýar.
2024-nji ýylda 2,2 mln b/g möçberinde umumy ösüşden esasy artyş YHÖG girmeýän döwletleriň paýyna düşer — 2 mln b/g.
Daşary ýurt gämileri Türkmenbaşynyň portunda dizel ýangyjyny guýduryp bilerler
Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýup bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu barada flotuň saýtynda habar berilýär.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Türkmenbaşynyň deňiz portunyň polipropilen terminaly milli önümleriň eksportyny artdyrýar
Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz senagatynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen eksport edilýär.
Wengriýa energetika ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar
Wengriýa Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýar, diýip TDH habar berdi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna taýýarlyk dowam edýär
OPEK (Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.