Ýokary hilli koks öndürilýär

Ýokary hilli koks öndürilýär

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary hilli nebit önümlerini öndürip, dünýä bazarlarynda uly at-abraýa mynasyp bolmagyna saldamly goşant goşýan 2-nji sehi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besleýär. TNGIZT-niň 2-nji sehi üç desgadan ybarat bolup, olarda jemi 136 işçi arman-ýadaman zähmet çekýär. Bu sehde senagat ulgamynda giňden ulanylýan, «gara altyndan» alynýan ýokary hilli koksuň iki görnüşi —– jemlenen we ýakylan koks öndürilýär.

TNGIZT-niň 2-nji sehiniň Haýal kokslandyryjy desgasy (HKD — 3) ýokary hilli nebit önümi bolan jemlenen koks öndürýär. Ol senagat ulgamynda, esasan-da, demir eredýän kärhanalarda giňden ulanylýar. 2-nji sehiň nebit koksuny ýakyjy desgasy bolsa Haýal kokslandyryjy desgasynda öndürilen nebit koksuny ýakyp, ýokary hilli ýakylan koks önümine öwürýär. Ýakylan koks senagat toplumynda uly islege eýe bolup, ondan elektrod, alýumin öndürilýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993