Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynda 11 aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri maslahatlaşyldy
14:39 11.12.2023 4929
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gazanylan netijeler, nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmek, polipropileniň öndürilişi barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 116,1 göterim ýerine ýetirildi.
On bir aýyň netijeleri boýunça tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi.
Soňra wise-premýer Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, toplumda zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.
Nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmäge aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we nebitiň hem-de gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi bellemäge düýpli taýýarlyk görmek, hünär baýramy mynasybetli bellenen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidenti wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystanda Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilleri RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda gurnalan Türkmen-Tatar Bilelikdäki iş toparynyň mejlisine we Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy diýip, THP habar berýär.
Suwuklandyrylan gaz, awiakerosin we dizel ýangyjy TDHÇMB-niň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.