BMG-niň saýtynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen energetika we ulag boýunça kararnamalar çap edildi
08:12 06.01.2024 4337
BMG-niň saýtynda 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen iki kararnama çap edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, kararnamalar BMG-niň web sahypasynda alty resmi dilde - iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde çap edildi.
Gürrüň "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" we "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny" kararnamalary hakynda barýar.
Ulag baradaky kararnama 47 döwlet we energetika birikmesi baradaky kararnama 38 ýurt awtordaş bolup çykyş etdiler.
Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama 2026-2035-nji ýyllary durnukly ulag onýyllygy hökmünde yglan edýär. Rezolýusiýanyň awtorlary BMG-niň Baş sekretaryny bu ugurda halkara dialog tejribesini dowam etdirmäge we BMG-niň Durnukly ulag boýunça üçünji global maslahatyny çagyrmagy teklip edýärler.
Resminama görä, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň çäginde esasy wakalar Türkmenistanda geçiriler.
Energetika baglanyşygy baradaky resminama halkara jemgyýetçiliginiň dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan energiýa çökgünligini ýeňip geçmek ugrundaky tagallalarynyň jemlenmegini üpjün edýär we energiýa çeşmeleriniň serhetara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegi talap edýär.
Bu resminama laýyklykda, hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa elýeterliligini üpjün etmek üçin Durnukly ösüş maksatlaryna hemmetaraplaýyn ýetmegi maksat edinýän 2026-njy ýylda Türkmenistanda “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly ýedinji forumy geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem, kararnama BMG-niň Baş sekretarynyň 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli energetika meselelerine gönükdirilen ösüş meseleleri boýunça indiki hasabatyny çap etmegi teklip edýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.