Birža söwdalarynda BAE, Türkiýä, Gazagystana we Owganystana polipropilen satyldy

10:28 23.01.2024 6207

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/9699/original-165af50781a835.png

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 120 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we gaplaýyş plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny hem-de ýüpek çig-malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 40 million 645 müň manatdan gowrak boldy.

Başga makalalar
1648ff9774e975.jpg
«Belli» HJ “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

“Belli” hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli karary duşenbe güni Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.


1649188407740e.jpg
Mejlisde Ýewroparlamentiň wekilleri bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşygynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer-medeni ugurlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


164917f7d9c62d.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.


1649295682a1ec.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň yglan eden bäsleşigi «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin kompressor stansiýasyny gurjak potratçyny kesgitlär

«Türkmengaz» döwlet konserni halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň "KS-1 Şatlyk" kompressor stansiýasyny gurjak, enjamlar bilen üpjün etjek we ony işe girjek kompaniýany kesgitlär. Degişli bäsleşik 20-nji iýunda «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edildi.


1648ff912c278c.jpg
Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.