16255263d05b0c.jpeg
Işleri ileri, goşantlary saldamly
12.04.22 - 17:11

Edara-kärhanalarda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny şowlulyklara beslemek ugrunda tutanýerli we maksada okgunly zähmet çekilýär. Eýsem, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ruhubelent işgärleri geçen üç aýda nähili işledilerkä? Biz şeýle sowal bilen müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetowa ýüz tutduk. Şonda ol:


1624bdfec54fb3.jpeg
Döwrebap işler bitirilýär
05.04.22 - 16:21

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginde amala aşyrylýan işler ýeriň goýnundan çykarylýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini durnukly artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.


1624be02b57d19.jpeg
Daga bagry badaşan geolog
05.04.22 - 16:22

— Men uly maşgalada kemala geldim. Özüm dokuz çaganyň ýedinjisi. Hünär saýlamagyma dagly mekanda ýaşamagym, esasan bolsa, agam Rozynyň geolog bolmagy uly itergi berdi. Men agamyň göreldesine eýerip, 1986-njy ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyna okuwa girdim we ony üstünlikli tamamlap, häzirki wagtda zähmet çekýän edarama işe geldim. Şondan bäri hem işläp ýörün — diýip, ol uly durmuş ýolunyň ýatda galan pursatlaryny ýatlaýar.


162429e37d3f0f.jpeg
«Gara altynyň» gymmaty
29.03.22 - 15:50

Soňky döwürde dünýä bazarynda «gara altynyň» gymmatynyň artýandygyny bellemeli. Muňa bolsa, dünýä möçberinde çig nebite we ony çuň gaýtadan işlemegiň netijesinde öndürilýän hem-de uly isleg bildirilýän gymmat bahaly önümlere bolan islegiň artýandygynyň alamaty diýip düşünilýär.


162429eb2a0dc6.jpeg
Guwandyryjy netijeler belent sepgitlere badalga
29.03.22 - 15:52

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen berkarar döwletimizde şu günler emele gelen ýokary ruhubelentlik «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine atarýar.


1623ac0e184e1b.jpeg
Gaz akdyryjylaryň zähmet gadamlary
23.03.22 - 16:40

Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk» önümçilik edarasy «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir.


162302a8db1cf8.jpeg
Abatlaýjylar — armazak adamlar
15.03.22 - 15:56

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçýän her bir güni şanly üstünliklere, düýpli özgerişlere beslenýär. Önümçilik kärhanalarynyň işgärleri önüm öndürilişini artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň okgunly ösüşine saldamly goşant goşmak ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar.


162302af13cf46.jpeg
Ýokary hil — esasy görkeziji
15.03.22 - 15:58

Eziz Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Şu belent wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar.


162302b35a9d8d.jpeg
Garabil kaliý duzlarynyň ýatagy
15.03.22 - 15:59

Kaliý duzy — mineral serişdeleriň metal däl toparyna degişli. Ol kaliý dökünleriniň önümçiligi üçin himiýa senagatynda çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ýeňil ereýän duz himiki gelip çykyşly çökündi dag jynslary bolup durýar. Olar suwda ýeňil ereýän kaliý we kaliý-magniý minerallary görnüşinde emele gelýär.


16229997719bd5.jpeg
Nebithimiýa senagaty ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr
10.03.22 - 16:23

Garaşsyz Türkmenistan GDA döwletlerinden ilkinji bolup etilirlenen benzini öndürmegi bes etmek bilen, awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini artdyrdy. Ýurt üçin täze önümiň — propileniň gomopolimerleriniň, çalgy ýaglarynyň önümçiligi özleşdirildi.


162283e526a26f.jpeg
«Galkynyşda» zähmet galkynyşy
09.03.22 - 15:42

Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek barada edýän bimöçber aladalary bu ýerde işleýän gazçylarda täze zähmet galkynyşyny döredýär. Gaz käniniň tebigy gazy gaýtadan işleýän kärhanalarynda, gaz guýularynda zähmet çekýän gazçylaryň häzirki günlerdäki iş depginleri dogrusynda gürrüň bermegini sorap, «Marygazçykaryş» müdirliginiň başlygynyň orunbasary Mekan Muhammedowa ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


162283e8e1e99d.jpeg
Eksportyň gerimi giňelýär
09.03.22 - 15:43

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde özümizde öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň başarjaň işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olaryň kämil önümçilik desgalarynda öndürýän önüminiň eksportynyň täze ugurlary peýda bolýar. Geçen ýylda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Özbegistana we Täjigistana hem ugradylyp başlandy.


162147b41d8d88.jpeg
Zähmet gadamy batlanýar
22.02.22 - 15:57

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň hünärmenleridir işçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda zähmet gadamlaryny barha batlandyrýarlar. Olar ýanwar aýynda «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda welaýatyň obalaryndadyr şäherlerinde müňlerçe metr uzynlykdaky täze gaz geçirijilerini gurmak, ozaldan hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirdiler.


162147b897f496.jpeg
«Mawy ýangyç» bilen üpjün edilýär
22.02.22 - 15:58

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary häzirki gyş günlerinde welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalarynyň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýarlar.


162022bced9fb9.jpeg
Ilkinji aýyň guwandyryjy netijeleri
08.02.22 - 18:37

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýyny netijeli jemlemek bilen, etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek maksadynda fewral aýnyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Howanyň häzirki sowuk günlerinde gije-gündiziň dowamynda etrabyň sarp edijilerini gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan edaranyň işçi-hünärmenleriniň her bir iş güni ýokary zähmet rowaçlyklaryna beslenýär.