«Türkmengaz» Döwlet konserni: 12.08.2026 - 22.09.2026 aralykda halkara tenderini yglan edýär
Hormatly jenaplar!
«Türkmengaz» Döwlet konserni tender toparynyň adyndan halkara tenderiniň kwalifikasiýadan öňki seçip alyş tapgyryny yglan edýär
“Merkezi Garagum” gazkondensatly ýataklar toparynda (Zäkli-Derweze) özbaşdak elektrogenerasiýa desgasy bilen bilelikde gysyjy kompessor stansiýasyny (GKS) gurmak barada
Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 17-nji gat, «Türkmengaz» Döwlet konserni salgysy boýunça şular teklip edilýär:
· Arza bermek (diňe degişli ugurda iş tejribesi bolan kompaniýalardan kabul edilýär. Ofşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); tendere gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy we bank rekwizitleri hem-de kompaniýanyň işi barada maglumatlar (işiniň esasy görnüşleri, degişli taslamalarda iş tejribesi we beýlekiler) görkezilen bolmaly.
—“Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmak;
— Resminamalar “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda 30-njy iş güni sagat 16.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä galman kabul edilýär.
— Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen resminamalar kabul edilmez;
— Resminamalar ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 40-32-40, 40-32-50;
faks (+99312) 40-32-59.