Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy HMNK üçin “Taýýarlaýjy zawodda GE10 gazturbinanyň esasy böleklerini abatlamak” hyzmatlary üçin №. CIT-26025-SR belgili Tenderi yglan edýär.
Bu
Tendere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa şular teklip edilýär:
1.
Tendere
gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we
rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany bermek.
2.
Tender resminamalaryny (ITB)
almak üçin pul serişdelerini geçirmek üçin hasap almak. Pul serişdelerini
geçirmek üçin hasap Gatnaşyja arza berende gowşurylar.
3.
Tender tabşyrykly bukjany (ITB) kompaniýanyň wekiliniň
pasportynyň göçürmesini, tender resminamalaryny almak üçin hukuk berýän baş
ynanç hatynyň göçürmesini we pul geçiriminiň göçürmesini bermek bilen
almak.
Arza tender barada bildirişiň habar beriş serişdelerinde çap edilen wagtyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda berilmelidir. Şol möhletden giç gelen resminamalar kabul edilmez.
Tendere gatnaşmagyň şertleri we resminamalary bermek barada takyklaýjy
maglumatlar şu salgy boýunça berilýär:
Salgy: Bitarap Türkmenistan
şaýoly, 553/3, HMNK-niň edarasy, Aşgabat, Türkmenistan
Habarlaşmaly adam: Narine Simonýan
Tel: (+993-12) 44-54-34