“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy № 2026/46 belgili TENDERI yglan edýär: 25.09.2026 - 05.10.2026

“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy üçin ýük göterijiligi 50-den 60 tonna çenli bolan awtomobil kranynyň hyzmatlary barada Türkmenistanyň manatlarynda  №2026/46 belgili TENDERI yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1.     Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2.     Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3.      Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4.      Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 7-nji iş güni  ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.

Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada  MTO inženerine +993-65-83-18-99 belgili telefon ýa-da  KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada baş mehanige +993-62-74-18-80 belgili telefon ýa-da  KrivilevYD@tatneft.tatar salgysy boýunça ýüz tutmaly;

 

 

 

 

 

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993