«Türkmennebit» DK tender toparynyň adyndan «Türkmennebit» DK-niň zerurlygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada №-162/2, 180/1 belgili açyk halkara tenderini gaýtadan yglan edýär. Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen şertinde) gatnaşyp bilýär. Lot №2 – «Umumzawod, tehnologiýa, buraw enjamlary».
Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil ş., 56-njy jaýy, 4-nji gat,
“Türkmennebit” DK salgysy boýunça şular teklip edilýär:
·
tendere gatnaşyjynyň doly
adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek
bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (offşor zolaklarynda
hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul
edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine
ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny,
“Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürmesi hem-de tendere gatnaşmak üçin
zerur bolan resminamalar bilen tanyşmak;
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň
esasy şertlerini almak;
· ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde (GSB bilen) serişdeleri
ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir Lot üçin
tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;
· Spesifikasiýa ýa-da tehniki tabşyryklar
bilen şu Internet saýtynda tanyşmak bolýar: www.oilgas.gov.tm , turkmennebit.gov.tm.
Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 günüň dowamynda 30-njy iş güni sagat 12.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä galman kabul edilýär.
Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen tekliplere seredilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.
Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen pursatyndan ýokarda görkezilen salgy boýunça berilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-24 (hatlary ibermek üçin faks); 40-39-90, 40-33-06, 40-35-78; 40-35-77; (tehniki sowallar üçin). fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).