Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 13.10.2026 - 19.10.2026 aralygynda tender yglan edýär

Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde “Durnukly Gaz Kondensatynyň hiline garaşsyz gözegçilik etmek üçin GPZ-1 himiýa barlaghanasynda (garaşsyz barlaghana) sýurweýer hyzmatlaryny etmek barada” №. CIT-26107-SR belgili tender boýunça hünär derejesinden öňki prosesi  yglan edýär.

Bu Tendere gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa şu resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşmak barada arza berip biler:
1.     Tendere gatnaşmak barada arza.
2.     Kompaniýa we onuň esasy gysga maglumat.
3.     Soňky 3 ýylda ugurdaş işler boýunça toplan tejribesi.
4.     Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güwänamasy.

Arza tender barada bildirişiň habar beriş serişdelerinde çap edilen wagtyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda berilmelidir. Şol möhletden giç gelen  hünär derejesi boýunça resminamalar kabul edilmez.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň hünär derejesi boýunça resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmalydyr we çatylan we belgilenen görnüşde, jebis ýapylan  bukjalarda, möhür bilen tassyklanan we ýan haty (1 sany asyl nusga we 1 sany göçürme, hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi salynmaly). Bukjanyň ýüzünde haty almaly adamyň adyny, iberen adamyň adyny, tenderiň belgisini we adyny hökman görkezmeli.    

Tendere gatnaşmagyň şertleri we resminamalary bermek barada takyklaýjy maglumatlar şu salgy boýunça berilýär:

Salgy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, HMNK-niň edarasy, Aşgabat, Türkmenistan

Habarlaşmaly adam: Şasoltan Hasanowa
tel.:  +993-12- 44-52-00 (5701)
faks: +993-12-44-50-44

 

 

Nebitgaz №41
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№41

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 13-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993