«Türkmengaz» Döwlet konserni 14.10.2026 – 25.11.2026 aralykda açyk Tender yglan edýär.

«Türkmengaz» Döwlet konserni «Türkmengaz» Döwlet konserniniň hajatlary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada 14.10.2026 – 25.11.2026 aralykda №T/GAZ-039 belgili açyk Tenderi yglan edýär.

Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) gatnaşyp bilýär.    

Lot №2 – «Umumzawod enjamlary»;
Lot №2 – «Tehnologik enjamlar».  

Size Aşgabat ş.1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK UKPO salgysy boýunça şular teklip edilýär:
-        tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (ofşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-        “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
-        lotlaryň tabşyrygyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
-        ABŞ-nyň 1500 (bir müň bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;

Zerur bolan maglumatlary şu salgydan alyp bolar: turkmengaz.gov.tm, oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak bolar.

Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.

Habarlaşmak üçin telefonlar:  40-37-45 (факс), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42

Tender boýunça teklipler 25.11.26-da ýerli wagt boçunça 15.00-a çenli  kabul edilýär.   

Bellenilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.

Tender teklipleri ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli hem-de pul serişdeleri alýanyň hasabyna gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär.

Teklipler möhürlenip tassyklanan iki sany aýratyn bukjada, tender talaplyklaryny (kotirowkalary) taýýarlamak boýunça gözükdirmä laýyklykda kabul edilýär.

Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm
«Türkmengaz» DK-niň Internetdäki saýty: oilgas.gov.tm

 Goşmaça maglumatlar

Nebitgaz №41
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№41

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 13-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993