Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy JBIC ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
22.12.22 - 23:38Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşiniň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
NEXI ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
22.12.22 - 23:36Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
«Rimera» kompaniýasy «Türkmennebit» DK üçin enjamlary satyn alar
21.12.22 - 23:51Russiýanyň nebithyzmat ulgamynda toplumlaýyn hyzmatlar bazarynda öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Rimera» 2023-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konsernine «Ižneftemaş» kärhanasynyň öndüren 655 sany çuňluk üçin ştanga nasoslaryny satyn alar diýip, INFOLine habar berýär.
Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan HHR-e 9,2 mlrd dollarlyk tebigy gaz iberdi
21.12.22 - 23:4911 aýda Türkmenistandan Hytaýa iberilen «mawy ýangyjyň» baha babatda görkezijisi 9,28 mlrd dollara barabar boldy diýip, sişenbe güni HHR-iň Baş gümrük gullugy habar berdi.
Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümleri içerki we daşarky bazara iberildi
20.12.22 - 19:43Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
20.12.22 - 17:20Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Seýdiniň NGIZ ýanwar-noýabr aýlarynda ýangyjyň önümçiligini artdyrdy
20.12.22 - 00:15Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň zähmetkeşleri 11 aýyň önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Geçen döwürde kärhanada 208 müň tonnadan gowrak benzin we 104 müň tonna dizel ýangyjy, şeýle hem 34 müň tonna töweregi wakuum gazoýly, 28 müň tonnadan gowrak ýol bitumy öndürildi.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 11 aýda 6,2% boldy
20.12.22 - 00:14On bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi. Onuň barşynda 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine garaldy.
11 aýda «mawy ýangyjyň» çykarylyşy we eksporty düýpli artdy
20.12.22 - 00:13Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 113,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnama 124,7 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik işiniň netijeleri barada geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy
17.12.22 - 22:34Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
TNGIZT-de haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň gurluşygy tamamlanýar
16.12.22 - 22:50Türkmenbaşynyň nebiti gaýtada işleýän zawodlar toplumynda haýalladylan kokslaşdyrma desgasynyň (HKD) we gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň (GDAD) tamamlanyp barýar. Häzirki zaman desgalar TNGIZT-niň sargydy boýunça ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan gurulýar.
Demirgazyk Goturdepe ýatagynda nebitiň täze senagat akymy alyndy
16.12.22 - 22:49Demirgazyk Goturdepe ýatagynda uglewodorod çig malynyň täze senagat akymy alyndy. Munuň özi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Demirgazyk Goturdepedäki we Hazar deňziniň ýalpaklarynda we Merkezi hem-de Günbatar Goturdepe bilen birlikde olara ýanaşykly ýerlerde «gara altyn» gorlarynyň çaklamasyny subut etdi.
Nebitgazçylaryň baýramy ýokary guramçylykly geçirildi
15.12.22 - 20:04Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň täze belentlikleri» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler
15.12.22 - 23:27Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni «Awazada» geçirilen «Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe» döwlet Baştutanlarynyň Birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Aşgabat Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe geçelgesi boýunça ýük daşamalary işjeňleşdirmek üçin Ýeke-täk logistika merkezini döretmegi teklip etdi
15.12.22 - 23:26Türkmen tarapy Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe täze ulag geçelgesi boýunça ýük daşamaga amatly bolmagy üçin, ýeke-täk logistik merkezi döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen kenarynda Awazada geçirilen üç ýurduň Prezidentleriniň Birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.