«Azerbaýjanyň we Indoneziýanyň energetika ministrlikleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmäge taýýar edildi. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pärwiz Şahbazowyň Indoneziýanyň öňki ilçisi Husnan Beý Fanani bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda bellenilip geçildi, diýip Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini we häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar, şeýle hem azerbaýjanyň nebit kompaniýasy (SOCAR) bilen Pertamina kompaniýasynyň arasynda maýa goýumlar we nebitgaz känleri boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.