Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler

Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler.

Foruma görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, işewür hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany senagatlaşdyrmaga ugur alan Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge hem-de nebitgaz toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda koreýaly hyzmatdaşlaryň tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-logistika, suwdan peýdalanmak, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutany bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady we milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993