TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy we polipropilen satyldy

TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy we polipropilen satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplügi satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 102 million 384 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni) pagta süýümini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Nebitgaz №45
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№45

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 10-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993