Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Muhammed bin Garad ilkinjileriň hatarynda «Expo 2030 Riyadh» sergisine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistanyň milli sergisiniň taýýarlygy bilen bir hatarda, çärä gatnaşygyň guramaçylyk taraplaryny, şol sanda ýurduň sergä resmi gatnaşmagy barada ylalaşygyň gol çekiliş dabarasyny geçirmek meselelerini ara aldylar.

Ilçi Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň «Ekspo-2030» sergisine gatnaşmagynyň ýurduň gazananlaryny Milan, Astana, Dubaý we Osaka şäherlerinde bolşy ýaly, iň iri halkara sergi meýdançalarynda yzygiderli görkezmek tejribesiniň dowamy boljakdygyny nygtady.

Geljekki çäräniň Türkmenistanyň ykdysady, ylmy-tehniki we medeni kuwwaty bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak üçin ähmiýetli bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar sergä taýýarlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

«Expo 2030 Riyadh» Bütindünýä sergisi Saud Arabystanynyň paýtagtynda 2030-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2031-nji ýylyň 31-nji martyna çenli geçiriler. Serginiň esasy ugurlary hökmünde özgerdiji tehnologiýalar, ekologiýa başlangyçlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş, tegelek ykdysadyýet düşünjeleri, halkara hyzmatdaşlygy we adam kuwwatyny ösdürmek bolar.

Nebitgaz №45
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№45

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 10-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993