20-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.