Türkmenistan we ABŞ söwda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we ABŞ söwda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

23-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugur boýunça mundan buýanky ösüşiniň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy öz web-sahypasynda habar berýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar sebit infrastruktura başlangyçlarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň we Hazarüsti ulag arabaglanyşygyny ösdürmegiň geljegine garadylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça yzygiderli syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge hem-de Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993