14–15-nji dekabrda Aşgabatda TESC 2026 (Turkmen Energy Scientific Conference) halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler, diýip forumyň guramaçylarynyň web-sahypasynda habar berilýär.
«Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçiriljek forum döwlet düzümleriniň, öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini birleşdirer.
TESC 2026 forumyna gatnaşyjylar ylmy işläp taýýarlamalaryň amaly ulanylyşyna, emeli aňyň ornaşdyrylmagyna, nebitgaz känlerini özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, metan zyňyndylaryny azaltmaga, innowasiýalary maliýeleşdirmäge we hünärmenleri taýýarlamaga ünsi jemlärler.
Türkmenistanyň howa baradaky başlangyçlary forumyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Olary Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Antalýada COP31 Sammitinde beýan etdi. Pariž ylalaşygyna ygrarlydygyny tassyklap, Gahryman Arkadagymyz birnäçe ählumumy teklipleri - BMG-niň 2028–2037-nji ýyllary Howanyň durnuklylygy we uýgunlaşmagy on ýyllygy diýip yglan etmegi, Aşgabat howa dialogyny döretmegi, Howanyň üýtgemeginiň Sanly atlasyny taýýarlamagy, howa tehnologiýalary boýunça global hyzmatdaşlygy esaslandyrmagy we Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamagy öňe sürdi.
Şeýle hem 2027-nji ýylyň başynda Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa tehnologiýalary merkeziniň işe girizilmegi möhüm ädim bolar. Bu nukdaýnazardan TESC 2026 ekologiýa we önümçilik pudagynda amaly çözgütleri gözlemek üçin täsirli meýdança bolar.
Maslahatyň maksatnamasyna umumy mejlisler, ylmy-tehniki sessiýalar, tegelek stollar we prezentasiýalar girýär. Şeýle hem tehnologik sergi, innowasion çözgütleriň görkezilmegi we B2B hem-de B2G görnüşindäki işewür duşuşyklar göz öňünde tutulýar.
Öňde boljak maslahat Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň çäginde Türkmenistanda önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, sanlylaşdyrmaga we ekologiýa durnuklylygyna aýratyn ünsüň berilýändigini görkezýär.
Forumyň guramaçylary «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bolup, olar halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde çykyş edýärler.
Giňişleýin maglumat maslahatyň web-sahypasynda ýerleşdirilen: https://tesc-turkmenistan.com