Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Gurban baýramy bilen gutlady
18:24 20.07.2021 21193
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Gurban baýramy mynasybetli gutlady.
«Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň merdana halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk hem-de ylham-joşgun paýlap, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn» - diýlip gutlagda aýdylýar.
«Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy hem-de mukaddes baýramlaryň biridir. Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar we jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar, täze maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar» - diýip döwlet Baştutany nygtaýar.
«Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny şanly wakalar, döredijilik we zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrýan 2021-nji ýylda hem mukaddes Gurban baýramyna bagyşlanyp, üç günüň dowamynda paýtagtymyz Aşgabatda, eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, köp öwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär».
«Asylly däbimize görä, her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary taýýarlanylýar. Dünýäde parahatçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär».
«Baýramçylyk dabaralarynyň ählisi jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün edýär, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýar, bagtyýar durmuşa buýsanyp, täze üstünlikleri gazanmaga hem-de belent sepgitlere ýetmäge egsilmez güýç-kuwwat berýär»- diýlip Gutlagda aýdylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýylda Gurban baýramy 20-22-nji iýul aralygynda bellenilip geçilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Uzynada” nebitgaz ýatagyny özleşdirmegiň çärelerini makullady
20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan Özbegistan we Täjigistan bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip etdi
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde türkmen tarapy gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahatynda aýtdy.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.