BAE-de 1-nji oktýabrda «EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi açylar

BAE-de 1-nji oktýabrda «EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi açylar

Ertir, 1-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde «EXPO 2020 Dubaý» iri halkara sergisi öz işine başlar. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti, şol sanda Türkmenistan gatnaşar.

Garaşylyşy ýaly, bu halkara sergisine gatnaşmaklyk Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň maksatlaýyn ösüş maksatnamalary, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýerli tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalary, harytlary we hyzmatlary daşaky bazarlara çykarmaklygy üpjün eder.

Biziň ýurdumyzyň sergi meýdançasy «Ykjamlyk» mowzuklaýyn bölüminde ýerleşýär. 9-njy oktýabr güni tutuşlygyna Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini, şol sanda nebitgaz toplumynyň gazananlaryny görkezmeklige bagyşlanar.

«EXPO 2020» täze aragatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlarda tejribe alyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Sergi 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hereket eder.

Sergidäki diwarlyklar bilen expo2020dubai.com saýty arkaly wirtual ýagdaýda hem tanşyp bolar.

Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993