«Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylarynyň zähmet üstünlikleri

«Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylarynyň zähmet üstünlikleri

Häzirki wagtda Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary 45 sany ulanyş guýusyndan tebigy gazyň çykarylyşyny üstünlikli amala aşyrýarlar.

Guýularyň her biriniň debiti günde 1 mln 680 müň kub metr gaza barabardyr.

Müdirligiň gazçylary şeýle hem Günbatar Şatlyk käninde şu ýylyň sekiz aýynyň önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Hasabat döwründe 312 mln 911 müň 955 kub metr tebigy gaz çykaryldy, kondensatyň önümçiligi 2 müň 110 tonna barabar boldy.

Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993