Täze goşgy nebitgazçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar

20:28 12.01.2022 20565

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3724/original-161def3816296e.jpeg

Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusynyň:

«Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
 Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!»

— diýen ilkinji setirleri bilen atlandyrylan maslahata nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň tanymal döredijilik wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Uly ruhubelentlik duýgusyna beslenip geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow we beýlekiler çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz indi uzak ýyllardan bäri Garaşsyz ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän baýramçylyklarda öz ajaýyp eserleri bilen zähmetsöýer halkymyza serpaý ýapýar. Halkymyzyň ýankitabyna öwrülýän bu düýpli işler adamlaryň göwün guşuny ganatlandyryp, ruhuny galkyndyrýar. Çuň many-mazmunly şadiwanlar diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň ruhy gymmatlygydyr. Döwrüň örän möhüm meselelerini gozgaýan eserler özüniň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň ilkinji gününde halkymyza ýetirilen milli Liderimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly täze goşgusy hem ähli watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda mähriban Watanymyzda deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy, iri taslamalar durmuşa geçirilip, milli ykdysadyýetimiz düýpli ösdi.

«Jan Watanym Türkmenistan!» goşgudaky:

Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!
Keremlidir ene toprak, keramatdyr mawy asman,
Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!

— diýen dogaýy setirler agzybir, ruhubelent halkymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň, ýurdumyzda amala aşyrýan beýik maksatlarynyň has-da rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ylham joşgunynyň çeper beýany bolan täze şygyr Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan we Türkmenistany dünýä tanadýan beýik işlere, iri taslamalara, ýurdumyzyň we sebitleriň bähbidini araýan milli, döwlet maksatnamalarynyň, tutumlaryň amala aşyrylmagyna batly itergi berer, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk, Arkadagly zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemäge ýardam eder. Bu bolsa täze ýylda ata Watanymyzda ägirt uly üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün eder, netijede, milli ýörelgeleriň ösdürilmegine getirer.

Ýurdumyz ösüşleriň we özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen täze üstünliklere hem-de belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet baştutanlygynda beýleki pudaklar bilen birlikde nebitgaz toplumynda hem ýokary ösüşler gazanylýar. Türkmenistan tebigy serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şol tebigy baýlyklar Garaşsyz Türkmenistandaky özgertmeleri batly depginlerde dowam etdirmeklige, halkymyzyň abadan durmuşyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Oňa hormatly Prezidentimiziň şu ýyldaky ilkinji iş saparlaryny tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan sebitlerimizden — Mary we Lebap welaýatlaryndan başlamagy hem şaýatlyk edýär. Ýeri gelende geçen ýylyň başynda hem ýangyç-energetika toplumynyň täze desgalarynyň açylmagy bilen nebitgaz senagatynyň maksatnamalaýyn işlerine badalga berlipdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ruhlandyryjy wakalardan başlandy. Munuň özi beýleki pudaklaryň zähmet köpçüligi bilen birlikde nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň agzybir we zähmetsöýer işgärlerini guwandyrýar we buýsandyrýar.

Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda geçirilen dabaraly maslahatda şu we beýleki amala aşyrylan, alnyp barylýan iri taslamalar, ulus-ilimiziň parahat, bagtyýar durmuşy, hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň adamlara şatlyk paýlaýşy, watansöýüjilige ruhlandyryşy joşgunly beýan edildi.

Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Başga makalalar
161f38964eb7e8.jpeg
«Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmek hakynda Ylalaşygy taýýarlamakda öňegidişlik gazanyldy — Türkmenistanyň DIM-i

27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


167dd4ac35b1e0.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz”, “Türkmennebit” DK-laryň gurluş düzümini kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy

20-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.


167dd49eeea0a3.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

“Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna gutlagynda aýdylýar.


167dbd0a19a10f.jpg
Gahryman Arkadagymyz Aşgabatdaky halkara forumda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy.


167dbd0409e4d1.webp
Gahryman Arkadagymyz we Türkiýäniň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini bellediler

19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri bellenilip geçildi diýip, TDH habar berýär.