Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry badalga alýar
13:01 10.02.2022 5903
8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýakynda «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtap, pudaga ýene-de maýa goýmak kararyna gelendigini habar berip, «Türkmennebit» döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumyny gönükdirmek baradaky Karara gol çekendigini mälim etdi.
Möhüm resminama gol çekilen güni ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň täze tapgyry» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we edara-kärhanalarynyň işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdy. Hoşallyk maslahatynyň dowamynda wise-premýer Ş. Abdrahmanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew we nebitgaz toplumynyň dürli pudaklarynyň işgärleri, «Garagum», «Diýar» žurnallarynyň baş redaktorlary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen nebitgaz toplumynyň düzümlerinde ýokary netijeler gazanylýar, pudaga yzygiderli maýa goýumlary gönükdirilýär. Munuň özi Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemelidir. Bu ugurda nebitgaz senagatynda alnyp barylýan işler has hem giň gerime eýedir. Türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak, halkara gaz geçirijileriniň ugurlaryny giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli toplumyň düzümleriniň agzybir işgärleriniň ýadawsyz zähmeti öwgä mynasypdyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylmy çemeleşme, sowatly hojalyk we strategik meýilnamalar onuň tapawutly aýratynlygy bolup hyzmat edýär. Bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyz öz pudaklaryny ösdürmek üçin uly möçberde maliýe serişdelerini maýa goýup bilýän, gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.
Nebitgaz toplumyna gönükdirilýän maliýe serişdeleri hem nebit we gaz senagatynda, geologiýa pudagynda alnyp barylýan işleriň öňküden-de ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna batly itergi berer, halkymyzyň abadan durmuşynyň eşretini artdyrar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde amala aşyrylýan şu we beýleki ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli iri maksatnamalaýyn işler, hoşallyk sözleri hem-de nebitgazçylaryň ýürek buýsanjy beýan edildi.
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň çykyşy geçirilen çäräniň täsirini has-da artdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri
Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy iň iri iberiji ýurt bolmagynda galýar
Şu ýylyň başyndan bäri Hytaýa gaz iberiji iň iri ýurt Türkmenistandyr diýip, Interfaks agentligi HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparynyň agzalaryny Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan baýragy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan altyn baýragy bilen gutlady.
Türkmenistan Hindistanyň gurnan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Hindistanyň DIM-niň goldaw bermeginde bu ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy.
OPEC gaznasy Türkmenistana 45 million dollar karz bermekligi tassyklady
OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Şolardan 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesi Türkmenistana bölünip berler. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.