Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi

09:26 21.03.2022 12068

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4192/original-16237fe77f2050.jpeg

  2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Saýlawçylaryň 72,97 göterimi öz seslerini Serdar Berdimuhammedowa berip, gujur-gaýratly, giň dünýägaraýyşly we oňyn pikirlenmelere ukyply ýaşlara ynam bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti hem dabarada eden çykyşynda aýdyp geçdi.           

Dabaraly çäräniň ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýola goýlan dabara dessuryna laýyklykda geçirilip, onuň hökmany düzgünleri, şol sanda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däp-dessurlary öz içine alandygyny bellemek gerek.   

Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy bilen  Ruhyýet Köşgüniň zalyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny hem-de mukaddes Gurhany getirýärler. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G. Myradow şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen ählihalk saýlawlarynyň netijeleri, şeýle hem saýlawlaryň barşyna  gözegçilik eden halkara synçylaryň netijenamasy barada habar berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna milli synçylar bilen bir hatarda synçylaryň hukuklary esasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar toparlary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň asudalyk, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, milli kanunlarymyza, dünýäde umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny aýdyň görkezendigini ykrar etdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy täze saýlanan döwlet Baştutanyny ählihalk demokratik saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Asylly däbe görä, sahna ak gy­ňaçly eneler çykýarlar. Olaryň biri ak ýola hem-de asylly işlere ak pata bermegiň nyşany hökmünde düýrlengi ak keçäni getirýär we ýazýar. Beýleki ak gy­ňaçly ene abadançylygyň we berekediň nyşany hökmünde türkmen saçagyny saklap durýar. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti müdimi milli mukaddesliklere sarpa goýýar.

Soň­ra Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Türkmenistanyň halkyna kasam edýär.  

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy ähli türkmen halkynyň adyndan saýlanan döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasyny gowşurýar.

Soň­ra welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurýarlar we türkmen halkynyň adyndan mähirli gutlaýarlar.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda öz wezipesine girişendigi dabaraly ýagdaýda yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde baş egýär we mukaddes baýdagy öpüp, oňa togap edýär.

Soň­ra türkmen döwletiniň Baştutany wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow söz sözleýär. Ol ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy mübärekläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda özüne bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu saýlawlaryň netijesinde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyz Türkmenistanyň öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basyp, bu döwrüň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylandygyny belledi. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk. Olaryň hatarynda bitaraplyk syýasatyny dowam etmek, durmuş ugurly döwlet syýasatyny amala aşyrmak, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak ýaly wezipeler bar.     

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda geljekde hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris diýip bellemegi Ruhyýet Köşgündäki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin has-da tolgundyryjy ýagdaý boldy.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň  nebitgaz pudagynda iş tejribesi bolup, onuň düzümi we mümkinçilikleri barada habarlydygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň ähli mümkinçiliklerini bir ýere jemläp, ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin agzybirlik we jebislik bilen zähmet çekmäge çagyryşy ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Olar döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň rowaçlygy hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy üçin öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak babatda ähli güýçlerini, tejribesini, bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.           

Şeýle hem şol gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli çäreler guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow halkymyza we hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetiren harby bölümleriň dabaraly ýörişini kabul etdi.  

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň hormatyna paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde toý sadakasy berildi.  Kabul ediş merkezinde bolsa resmi kabul edişlik guraldy.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary hem döredijilik sowgatlaryny taýýarlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň we myhamanalaryň öňünde uly baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.

Agşamlyk baýramçylyk dabaralary Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylary meşhur aýdymçylardyr ýurdumyzyň tans toparlary şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Asmana atylan feýerwerk bu ýerde guralan dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ak mermerli Aşgabadyň asuda asmanyny ýagtylandyran älemgoşar öwüşginleri şanly waka bilen özboluşly sazlaşygy döretdi.

Ýatdan çykmajak şol gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki taryhyna halkymyzyň bitewüliginiň, ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik, abadançylyk we döredijilik ýoluna berk ygrarlydygynyň aýdyň nyşany hökmünde girer.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
161b8d54535f0d.jpeg
Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramçylygy dabaraly pursatlara beslendi

Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitler’’ atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen wise-premýer Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady.


1685ba108164f0.jpg
Türkmenistanyň we AÖB-niň wekilleri hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar

24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.


1685bd6f79818c.jpg
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1667fcaa23aed8.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajyplygyny belledi

28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.


161b82b22e7fab.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

14-nji dekabrda Türkmenistanda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Şu mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty işgärlerine gutlag hatyny iberdi.