Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Bu döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmeginden soň ilkinji köpçülikleýin çäresidir. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň müňlerçesi, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri hemmesi döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler. Ýazky bag ekmek çäresine «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeoologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärleri gatnaşdylar.
Bu günki gün dürli ministrliklere we edaralara, şol sanda nebitgaz toplumyna berkidilen giň meýdanlarda köp ýyllyk işleriň netijeleri aýdyň görünýär. Her ýylda geçirilýän bag ekmek çäresiniň netijesinde emeli tokaýlyklar emele geldi. Olar amatly howa şertleriniň döremegine ýardam edýär, bu bolsa öz gezeginde ilat saglygyna oňyn täsir edýär.
Umuman, 2022-nji ýylda bag ekmek çäresiniň barşynda Türkmenistanda 3 million sany bag nahallaryny oturtmak meýilleşdirilýär.