Ýokary hil — zawodyň işiniň esasy görkezijisi

Ýokary hil — zawodyň işiniň esasy görkezijisi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda «Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işine ussat hünärmenleri ýetilen sepgit bilen çäklenmeýärler. Zawod öndürilýän önümleriň möçberini artdyrýar, täze önümleriň nümçiligini özleşdirýär.

Ätiýaçlyk şaýlary taýýarlamak, abatlamak we enjamlary dikeltmek boýunça işleriň giň toplumyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar we desgalar bilen enjamlaşdyrylan tehniki kärhana gurnama, sazlama we işleriň beýleki görnüşlerini amala aşyrýar.

Kärhana giň önümçilik we işgärler mümkinçiligine eýedir. Bu ýerde ýerine ýetirilýän abatlaýyş-mehaniki işleriň jemi bahasy her aýda 735 müň manada barabar bolýar. Inžener-tehniki işgärler, şeýle hem ussat hünärmenler dürli kuwwatlykdaky sorujylary, gözleg-geologiýa işlerinde ulanylýan enjamlary we serişdeleri abatlaýarlar we olary «ikinji ömür» berýärler.

Kärhanada oturdylan enjamlaryň sany 100-den geçýär we olar yzygiderli kämilleşdirilýär: önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär, taýýarlanylýan ätiýaçlyk şaýlaryň durnuklylygy artdyrmaga ýardam edýän tehnologiýalar ornaşdyrylýar, önümçilik-tehnologiki binýat kämilleşdirilýär.

Belläp geçsek, kärhananyň işgärler düzüminiň ýarysyna golaýy ýaş hünärmenlerden ybaratdyr. Ussat halypalardan alnan baý tejribe işgärlere iri möçberli işleri ýerine ýetirmäge we çylşyrymly sargytlary öz wagtynda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993