- 12-nji martda ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňiş halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda geçirilýän syýasata hem-de ozal işlän ähli jogapkärli wezipelerinde özüni hemmetarapdan zehinli, iş başarjaň ýolbaşçy hökmünde görkezen Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa bildirýän ynamynyň ýokary derejesini görkezdi.
Nebitgaz toplumynyň işgärleri Serdar Berdimuhamedowy bilelikde işlemek bilen onuň bitiren hyzmatlaryny, işewürlik we ahlak sypatlaryny oňat bilýärler. Biz ýaş ýolbaşça buýsanmak bilen onuň jogapkärli döwlet wezipelerinde toplan tejribesini gördük. Mähriban halkymyzyň bähbidi we ata Watanymyzyň rowaçlygy onuň üçin hemişe öňdäki orunda durdy.
Wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegi hem-de onuň halkara energetika ulgamyna goşulmagyny ugur edinýän strategiýany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimizi ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň täze taryhy döwürde pudagyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli güýçlerini, tejribedir bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarys.