Ahmet Jumaýew “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ahal geofizika ekspedisiýasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji

14:52 01.04.2022 5594

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4299/original-16246cb57270b6.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahatyna gatnaşyjylar okyjylarymyza forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler barada gürrüň berdiler.

Ahmet Jumaýew “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ahal geofizika ekspedisiýasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji:

-OGT Halkara nebitgaz forumynyň geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan uly wezipeleri çözmekde möhüm ädim boldy. Munuň şeýledigine ozaly bilen Forumyň maksatlary – energetika pudagyny durnukly ösdürmek hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gaşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça mümkinçilikleri artdyrmak ugrunda gatnaşyklary berkitmek wezipeleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Diňe däbe öwrülen görnüşde däl-de, eýsem türkmen paýtagty bilen dünýäniň onlarça döwletleriniň arasynda, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, pudaklaýyn düzümleriň, bilermenleriň hem-de iri nebitgaz işewürleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirilen bu çäre möhüm meselelere dürli tarapdan çemeleşmäge mümkinçilik döretdi.

Foruma ençeme ýurtlardan wekilleriň gatnaşmagy dünýäniň işewür toparlarynyň arasynda ata Watanymyzyň maýagoýum işjeňliginiň günsaýyn artýandygyny aýdyň görkezdi. Häzir Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýär, bu nebitiň we gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwaty, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen tarapynyň netijeli başlangyçlary bilen şertlendirilendir.

Täze nebitgazly ýataklary gözläp tapmagyň we olary özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak bu gün «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda Forumyň çäklerinde geçirilen mejlisler we duşuşyklar örän peýdaly bolup, olar nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, täze ýataklary ýüze çykarmak we senagat taýdan özleşdirmek üçin «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan amala aşyrylýan gözleg işlerinde täze tehnologiýalary we ylmy barlaglary ulanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam etdi.

Biziň işimize ýokary baha berenligi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Döwlet Baştutanymyzyň Foruma gatnaşyjylata iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň işjeňligi netijesinde nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak we özleşdirmek, döwrebap buraw tehnologiýalaryny ulanmak we guýulary gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna laýyklykda täze önümleri öndürýän kuwwatlyklar döredilýär. Işimize berlen baha bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Başga makalalar
1647d82a52df3c.jpg
Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy

Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.


1647d8a8402795.jpg
Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.


1647d8786e4761.jpg
Türkmenistanda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek hakynda karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.


1647ecced2c828.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.


164797c4ad7eb0.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Penşenbe güni, 1-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.