Gahryman Arkadagymyzyň filosofik pikirleriniň çeşmesinden ylham alyp

12:11 13.05.2022 477

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4580/original-1627e04a873582.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiňmanysy» atly täze edebi-filosofik işi bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Dabara toplumyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow dabarany açyp, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri bilen ilkinji gezek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy aprelde geçiren Hökümetiň mejlisinde tanyşdyrandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenendigini belledi. Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müň¬ýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Gahryman Arkadagymyzyň ähmiýetli kitaplarynyň hatarynda mynasyp orun eýelän eseriniň her bir watançynyň ylhamynyň, belent hem-de asylly maksatlarynyň egsilmez çeşmesine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri aslyýetinde awtoryň öz okyjylary bilen ata Watanymyzyň, buýsançly hem-de şöhratly halkymyzyň gadymy taryhy we ykbaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazananlary barada özboluşly söhbeti bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, öz nobatynda, «Ömrümiň manysy» atly kitabyň ýaş nesli terbiýelemek we oňa bilim bermek işinde, onuň watançylyk duýgusyny we ahlak pikirini kemala getirmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynam bildirdi.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew Gahryman Arkadagymyzyň köp sanly taryhy çeşmeleri we resminamalary, ylmyň we medeniýetiň görnükli wekilleriniň eserlerini öwrenmek bilen döreden işiniň ähmiýetini nygtap geçdi.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylar temalarynyň we häsiýetleriniň köpdürlüligi, diliniň baýlygy, arassalygy bilen tapawutlanýan eserde ulanylan ganatly setirler, nakyllar we atalar sözi, akyldarlaryň we geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň paýhasly sözleriniň metaforikligi bilen tapawutlanýan täze neşiriň ýokary çeperçilik aýratynlyklaryny bellediler. Bularyň hemmesi eseriň gymmatyny we ähmiýetini artdyrýar, ol gürrüňsiz, türkmeniň baý ruhy dünýäsiniň açary bolup hyzmat eder diýip, çykyş edenler bellediler.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň belli bagşylarynyň we sazandalarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, amala aşyrylýan parahatçylyk we döredijilik syýasaty üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.