Pakistanyň Döwlet nebit ministri Türkmenistanyň DIM-inde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

17:43 22.09.2022 1279

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5582/original-1632c10bfb1935.jpeg

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, hususan-da energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça strategiki taýdan möhüm bolan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň mundan beýläk hem öňe gitmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Pakistanyň Döwlet nebit ministri her bir gatnaşýan taraplar hem-de bütin sebit üçin wajyp bolan bu taslamalary Pakistanyň ýolbaşçylygynyň goldaýandygyny nygtady.

Agzalan uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmegi türkmen-pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Belläp geçsek, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Döwlet nebit ministrini kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy. 

Başga makalalar
1641167d302c2c.jpeg
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň kompaniýalary «ýaşyl» energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň hem-de Beýik Britaniýanyň ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahatlaşyldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Instagram sahypasynda habar berýär.


1609a366c70eda.png
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Halkara maýa goýum forumy 12-nji maýda başlanar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň öz işine başlamagyna bir günden az wagt galdy. Forum 12-nji maýda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçiriler.


16411679fdf948.jpeg
Türkmenistanyň we BAE-niň ýokary wezipeli wekilleri Dubaýda Halkara maýa goýum roud-şouwa gatnaşar

Häzirki wagtda 26-27-nji aprelde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şoua taýýarlyk işleri dowam edýär. Forumy guramaçylaryň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak meýillerini eýýäm, Türkmenistanyň, şeýle hem BAE-niň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri tassykladylar.


16098d714381eb.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň ösüşiniň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary boýunça netijeleri maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri maslahatlaşyldy.


1609b5589b6108.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy­ň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.