Türkmenistanyň we ÝB-niň wekilleri «ýaşyl energetika» hem-de metan zyňyndylary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
22:04 24.11.2022 4457

22-23-nji noýabrda Aşgabatda «Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy» temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
ÝB-niň wekilleri öz çykyşlarynda gaýtadan dikeldilýän energetika we onuň ösüş mümkinçilikleri ugrunda syýasatynyň esasy ugurlaryny açyp görkezdiler, gaýtadan dikeldilýän energetika pudagy we gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini girizmek boýunça halkara we sebit hyzmatdaşlygyndaky tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy bilen tanyşdyrdylar we Türkmenistany degişli halkara başlangyjyna goşulmaga çagyrdylar.
Maslahata Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýaşyl energetika, wodorod energetikasy we metanyň zyňyndylary ugrundaky alymlary we bilermenleri gatnaşdylar.
Şeýle hem Halkara energetiki agentliginiň, Ýewropa dikeldiş we ösüş bankynyň, Metan boýunça ählumumy başlangyjynyň, Hydrogen Europe kompaniýasynyň wekilleri, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýanyndaky Tebigy gaz boýunça ylmy-barlag institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri çykyş etdiler.
Türkmenistanyň bilermenleri ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ulanylýandygyny mälim etdiler we 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny hem-de Türkmenistanda ýokary öndürijilikli eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagynyň döredilýändigi barada aýtdylar. Mundan başga-da ekologiki taýdan howpsuz döwrebap çeşme goraýjy tehnologiýalaryň, hususan-da nebit-gaz, energetika we ulag ulgamlarynda ulanylmagy barada gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda ÝB bilen Türkmenistanyň wekilleri tejribe alyşdylar we gaýtadan dikeldilýän energetika, gaýtadan dikeldilýän wodorodyň peýdalanylmagy we metan zyňyndylarynyň azaldylmagy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada maslahat etdiler. Taraplar özara gyzyklanmalary öňe sürmek arkaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Taraplar gaýtadan dikeldilýän energetika bilen bagly meseleleriň giň toplumyny, hususan-da bu ugurda kanunlaryň işlenip düzülmegi, gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýumlary çekmek we bu ugurdaky innowasion tehnologiýalary hem-de wodorodyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝB we Türkmenistan hyzmatdaşlygyň anyk ýollaryny kesgitlemek maksady bilen esasy temalar boýunça gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

On aýyň jemlerine garaldy
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak üçin karz serişdelerini bölüp bermegi tabşyrdy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy diýip, HHR-iň Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatyny neşir eden «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi şäher derejesini aldy we Arkadag diýlip atlandyryldy
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi şäher derejesini aldy we Arkadag diýlip atlandyrylar. Degişli karary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi kabul etdi.

Dragon Oil — Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýigrimi gün galdy. Aşgabatda 12-13-nji maýda geçiriljek bu işewür duşuşyk öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde nebitgaz toplumynyň geljegini çaklaýan bilermenleri birleşdirer.