Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasaty we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depgini, senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalar, amatly maýa goýum şertleri daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ulgamlarda, ilkinji nobatda, ylmy barlaglary köp talap edýän we ýokary tehnologiýaly pudaklarda dünýä tejribesini giňden çekmek üçin berk binýat döredýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk, doganlyk we taryhy-medeni kökleri birleşdirýän Türkiýe bilen biziň ýurdumyzyň gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtap, türk kompaniýasynyň türkmen bazarynda işjeňligini belledi.
Döwlet Baştutany yklymyň iri energetika ulgamynyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem gurluşygy “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylan TOP elektrik geçiriji ulgamynyň ähmiýetini nygtap, kompaniýanyň ýolbaşçysyna ähli işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary derejede ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.
Türk işewüri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň öz kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, birnäçe bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi.
Türkmen Lideri gurulýan desgalary şertnamalarda göz öňünde tutulan möhletinde ulanmaga bermegiň hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagynyň türkmen tarapynyň hökmany şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.