Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçilikde zerur bolan sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Helensville Group Limited” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Geçen anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow degişli Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalary üçin sorujy enjamy we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak meýilleşdirilýär. Şol enjamlar ýokary oktanly benzini we onuň goşundysyny öndürýän desga, çalgy ýaglaryny öndürýän we suw üpjünçiligi desgalary hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bitum öndürýän desgasy üçin niýetlenendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ondan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek barada degişli tabşyryklary berdi.