HNGU-da sanly bilimi ornaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

HNGU-da sanly bilimi ornaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň geljekki ösüşlerinden ugur alyp, ýokary hünär taýýarlykly inžiner hem-de tehniki hünärmenleri taýýarlamak mowzugyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Alty sany mowzuklaýyn bölümçelerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar hem-de talyplar düzüminden 170 golaý çykyş diňlenildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu günki gün Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamaga ähli şertler döredildi. ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň, şeýle hem talyplaryň tagallalary bilen sanly bilimiň tor üpjünçiliginiň maksatnamasy taýýarlanyldy.

Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, ýokary okuw mekdebinde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda yzygiderli ýagdaýda uzak aralykdan umumy okuwlar we wideomaslahatlar geçirilýär. Sanly bilimiň ornaşdyrylmagy adam maýasyny ösdürmäge we ýurduň ykdysadyýetine innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993