Daşoguz welaýatynyň gazçylary turbageçirijileri we enjamlary gyş möwsümine taýýarlaýarlar

Daşoguz welaýatynyň gazçylary turbageçirijileri we enjamlary gyş möwsümine taýýarlaýarlar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasyny gyş möwsümine taýýarlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Gazçylaryň ýokary hilli hyzmat ediş çäginde dürli basyşly gaz geçirijileriň 1350 km-den gowragy, 370-den gowrak gazpaýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalar bar.

Gaz geçirijileri işe ukyply ýagdaýda saklamak we bökdençsiz gaz üpjünçiligini alyp barmak üçin işleriň toplumy alnyp barylýar. Daşoguzly gazçylar düýpli abatlaýyş işlerine, gazy ibermek boýunça desgalaryň abatlanylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýärler. Gaz geçirijileriň bökdençsiz işlemegi üçin ýylyň barşyndan bäri Gubadag şäherinde, şeýle hem Amyderýa, Jeýhun, Gökýaýla etraplarynda hem-de beýleki ýerlerde turbalaryň anyklaýyş we düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.

Torlaryň slesar gullugynyň zähmet toparlary Daşoguz welaýatynyň gaz paýlaýjy enjamlarynyň ýagdaýyny barlaýarlar hem-de enjamlaryna hyzmat edýärler. Iri möçberli işlere ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler çekilýär. Tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeklik gazçylaryň işiniň gaýragoýulmasyz kadasy bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993