«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri «Üçajy» käninde harytlyk «mawy ýangyjyň» dünýä ülňülerine laýyklykda çykarylmagy we eksport edilmegi boýunça işleri dowam etdirýärler.
Ýüze golaý hünärmen we gazçy zähmet çekýän önümçilik toplumynda iş iki çalşykda alnyp barylýar. Düýpli arassalanan we guradylan gaz ýokary basyşly turba geçirijilerden geçip, sarp edijilere ýetirilýär. 2020-nji ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça günlük ortaça çykarylyş 24-25 mln kub metre barabar boldy.
«Üçajy» käniniň önümçilik toplumyna iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe desgalara girýär. «Ýolgun», «10 ýyl Garaşsyzlyk» hem-de «Çymçykly» känlerinden bu ýere gelýän tebigy gaz gazy arassalaýan we guradýan üçünji sehe geçirilýär. Sehdäki iş prosesleriniň ählisi kompýuter ulgamlaryny ornaşdyrmak arkaly awtomatlaşdyryldy.
Bu ýerde şeýle hem günlük taslama kuwwaty 33 mln kub metre barabar bolan gaz kompressor bekedi hereket edýär. Birnäçe ýyl mundan öň geçirilen düýpli abatlaýyş işlerinden soň, beketde dünýä belli öndürijilerinden satyn alnan häzirki zaman enjamlary we tehnologik enjamlar oturdyldy.
Arassalaýjy we filtrden geçiriji desgalaryň tutuş toplumyny peýdalanmak arkaly bekediň işi gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.