TDHÇMB-niň söwdalarynda A-92 awtobenzininiň 5 müň tonnadan gowragy eksporta iberildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda A-92 awtobenzininiň 5 müň tonnadan gowragy eksporta iberildi

Sişenbe güni, 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 4,5 mln dollar we 504 müň türkmen manadyna barabar bolan 6 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler umumylykda A-92 awtobenziniň 5,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Onuň her tonnasy 768,25 dollardan satyldy.

Işewürleriň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen baglaşan şertnamasynyň umumy bahasy 4,2 mln dollara deň boldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993